- göreşmek
- işlik1) Göreş sporty boýunja güýç synaşyp, biri-birini ýykjak bolmak, göreş tutmak.∙ Şu gün stadionyň göreş meýdançasynda ýaş pälwanlar göreşjekdir.2) Göreşi alyp barmak, söweşmek, uruşmak.∙ Kutuzow güýjüni gaýgyrman göreşgen serkerdedi. («Mydam Taýýar» gazeti)∙ Azatlyk ugrunda göreşmek.3) Bir zadyň ugrunda çalyşmak, alada etmek.∙ Kolhozyň maldarlary täze ýylda has köp üstünlik gazanmak ugrunda göreşýärler. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.